Braziliýada alymlar maýmynyň täze görnüşini tapdylar. Tapylan täze maýmyn görnüşine şol ugruň hünärmeni professor Horasio Şnaýderiň adyny dakdylar. Olar “Mico” jynsyna degişli bolup, diňe jeňňelde duş gelýär. Şnaýderiň maýmynlary reňk taýdan we genetiki nukdaýnazardan beýlekilerden ep-esli tapawutlanýar. Amazonka maýmynlarynyň görnüşleriniň umumy sany näbelli bolup galýar, wagtal-wagtal täzeleri tapylýar. Hünärmenler Şnaýderiň maýmynlarynyň genetikasy bilen has içgin gyzyklanyp olary öwrenmegini dowam etdirýärler. Bu bolsa ýok bolmak ýa-da ýitmek howpunyň öňüni almaga kömek eder.