24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.
Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň mähirli salamyny ýetirdi.
Birleşen Milletler Guramasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan, durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşleri gazanmaga, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri doly goldaýar.
Milli Liderimiz ilçini Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, iri halkara guramanyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk hemişe oňyn häsiýete eýedir.
Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek babatdaky işleriň şu günki ýagdaýyna, esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen täze, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.
Söhbetdeşler Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji ýurtlaryň biri bolup, olary milli meýilnamalara hem-de maksatnamalara girizmegiň üstünde bilelikde işleri geçirýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2020-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen çarçuwaly Maksatnamasy ýakyn geljek üçin bilelikde işlemegiň ýörelgesidir. Bu bolsa ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigine şaýatlyk edýär.
Dmitriý Şlapaçenko dürli ulgamlarda amala aşyrylan birnäçe bilelikdäki taslamalary mysal getirmek arkaly Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda soňky wagtlarda hyzmatdaşlygyň barha ýokarlanan depginini belläp, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Häzir Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda döwür üçin örän wajyp başlangyçlaryň ençemesini öňe sürýär, şolar BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalarynda beýanyny tapdy.
Soňky resminamalaryň hatarynda şu ýyl kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar bar.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baş edarasynyň Aşgabatda ýerleşmegi halkara işlerde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini hem-de mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ugrunda yzygiderli çykyş edýän Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesine we «Açyk gapylar» syýasatyna uly ynamyň hem-de hormatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň adamzadyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-aragatnaşyk ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselelere gönüden-göni degişli öňe sürýän başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň «Gün tertibi – 2030-a» mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyny maksat edinip, halkara düzümler, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy. Türkmenistan BMG-ä hem-de onuň düzümine girýän guramalara ählumumy gatnaşyklaryň tutuş häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, parahatçylygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýar.
Milli Liderimiz we diplomat köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşyp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda hem-de BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň hormatyna geçirilýän çäreleriň wajypdygyny bellediler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.