Malaýziýanyň täze Premýer-ministri. Malaýziýanyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Is­ma­il Sab­ri tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri hök­mün­de ka­sam ka­bul et­di. 61 ýaş­ly Is­ma­il Sab­ri ýur­duň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Mu­hid­din Ýas­si­niň ka­bi­ne­tin­de Go­ran­mak mi­nist­ri bo­lup iş­le­di. Iýul aýyn­da Prem­ýer-mi­nist­riň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne bel­len­di. I. Sab­ri mej­li­siň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň 220 de­pu­ta­ty­nyň 114-si ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­dy. Pa­ty­şa Ab­dul­la Al-Mus­ta­fa ony Kons­ti­tu­si­ýa la­ýyk­lyk­da Prem­ýer-mi­nistr edip bel­le­mä­ge ra­zy bol­dy.

An­ge­la Mer­ke­liň hoş­la­şyk sa­pa­ry. An­ge­la Mer­kel soň­ky ge­zek Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri hök­mün­de Mosk­wa ba­ryp, Kreml­de Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len gep­le­şik ge­çir­di. Iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da hal­ka­ra ýag­da­ýy, rus-ne­mes gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi, «De­mir­ga­zyk aky­my – 2» gaz ge­çi­ri­ji­si we başga-da birnäçe me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu ger­man hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy­nyň Rus­si­ýa soň­ky sa­pa­ry­dyr. Çün­ki sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­me­li Bun­des­ta­gyň saý­law­la­ry­na An­ge­la Mer­kel gat­naş­ma­ýar.

Elekt­rou­lag dö­re­dil­di. Ger­ma­ni­ýa­da ozal­ky so­wet «La­da» aw­tou­la­gy­nyň esa­syn­da, tä­ze elekt­rou­lag – «Niva Elant­rie» ön­dü­ril­di. «Schmid GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy bu üýt­geş­mä­niň aw­to­ry bol­dy. Ula­gyň 65 kWt (88 at güý­ji) elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si ozal­ky ben­zin he­re­ket­len­di­ri­ji­niň or­nu­ny tut­ýar. Elekt­rou­lag­da tä­ze­den ab­zal­laş­dy­ry­lyş usu­ly ula­ny­lyp, esa­san, ýol­suz ýer­ler­den ýö­re­ýän «La­da Niva» eýe­ril­di. Ula­gyň bir zar­ýad­da­ky ýo­ly 130 – 300 ki­lo­met­re deň. 25 ýyl ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen bu ula­gy 19990 ýew­rodan sat­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

«Tes­la» ro­bo­ty­ny hö­dür­lär. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy «Tes­la»-nyň baş­ly­gy Ilon Mask gu­ma­no­id ro­bot «Tes­la Bot»-uň dö­re­di­len­di­gi­ni mä­lim et­di. «And­roý­dyň pro­to­ti­pi 2022-nji ýyl­da peý­da bo­lup bi­ler» di­ýip, Ilon Mask «Tes­la» ta­ra­pyn­dan gur­a­lan eme­li aň gü­nün­de aýt­dy. «Tes­la Bot» neý­ron ul­gam­la­ry­na we tä­ze «Do­jo» su­per­komp­ýu­te­ri­ne bag­la­nan iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Ro­bo­tyň bo­ýy, tak­my­nan, 173 sm, ag­ra­my 57 kg bo­lar. Ýü­züň ýe­ri­ne peý­da­ly mag­lu­mat­la­ryň gör­ke­zil­jek ek­ra­ny bo­lar.

Il­kin­ji ge­zek ýa­gyş ýag­dy. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Gren­lan­di­ýa­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den, 2,5 km be­lent­lik­le­ri­ne gar däl-de, ýa­gyş ýag­dy. Ada­da­ky tem­pe­ra­tu­ra­nyň soň­ky 10 ýyl­da üçün­ji ge­zek 0-dan ýo­ka­ry (+) gör­ke­zi­jä ge­çen­di­gi bel­len­di. Ho­wa­nyň glo­bal de­re­je­de maý­la­ma­gy ne­ti­je­sin­de, buz ör­tü­gi­ne güýç­li ýa­gyş ýag­dy. Bu ýa­gyş buz ör­tü­gi­niň gü­nor­ta-gün­do­gar ta­rap­la­ry­nyň ep-es­li ere­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Ko­lo­ra­do uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­me­ni Ted Skam­bos bu ýag­da­ýy äpet ada­nyň maý­la­ýan­dy­gy bi­len dü­şün­dir­di.

Eme­li süýt oý­lanyp tapyl­dy. ABŞ-nyň «Beyond Me­at» kom­pa­ni­ýa­sy ýurt­da eme­li et ön­dü­ri­ji­le­riň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. In­di bol­sa kom­pa­ni­ýa­nyň eme­li süýt ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­mak is­le­ýän­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ABŞ-nyň Pa­tent eda­ra­sy­na tä­ze söw­da bel­li­gi bo­ýun­ça be­ren ar­za­sy hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, «The Street» saý­ty ha­bar ber­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, kom­pa­ni­ýa al­nan eme­li süý­düň kok­teýl we ko­fe ön­dür­mek üçin ula­nyl­ma­gy­ny tek­lip ed­ýär.

Mar­syň hem­ra­sy­na uçu­ry­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Kos­mos Agent­li­gi (JAXA) top­rak ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len Mar­syň hem­ra­sy Fo­bo­sa 2024-nji ýyl­da kos­mos gä­mi­si­niň ug­ra­dyl­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Gä­mi soň­ra Ýe­re do­la­nyp, at­mos­fe­ra gir­mez­den ozal, top­rak nus­ga­la­ry sak­lan­ýan kap­su­la­ny Ýe­re taş­lar. Ýa­po­ni­ýa­ly bar­lag ge­çi­ri­ji­ler Fo­bo­syň ýü­zün­den 10 gram top­rak al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Alym­lar Mar­syň hem­ra­sy­nyň dö­reý­şi ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry öw­re­ner­ler. Fo­bos­da Mars­dan dü­şen gum­la­ryň bo­lup bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.

Re­kor­dy tä­ze­le­mek­çi. Bel­gi­ýa­ly 19 ýaş­ly Za­ra Ru­ter­ford dün­ýä­ni bir özi aý­la­nyp çy­kan iň ýaş ze­nan bol­mak mak­sa­dy bi­len Kort­rijk uçuş-go­nuş zo­la­gyn­dan as­ma­na gö­te­ril­di. Za­ra «Shark» ky­sym­ly sport uça­ry bi­len bäş yk­ly­ma we 52 ýur­da sy­ýa­ha­tyny iki-üç aý­da geç­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Onuň uça­ry sy­ýa­hat et­mek üçin ýö­ri­te en­jam­laş­dy­ryp, adat­ça iki otur­gyç­ly bo­lup, ola­ryň bi­ri­niň ýe­ri­ne goş­ma­ça ýan­gyç ga­by otur­dy­lyp­dyr.