Angliýanyň motor öndürijileri we täjirleri jemgyýeti koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan ýarymgeçiriji ýetmezçiliginiň awtoulag senagatyna täsiri barada maglumat berdi. Ýaýradylan beýanatda şu ýylyň iýul aýyndaky önümçiligiň 1956-njy ýylyň iýulyndaky bilen deňeçer bolandygy mälim edildi.

Şu ýylyň başynda awtoulag senagatynda önümçiligiň gaýtadan dikeldilmegi çip ýetmezçiligine sebäp bolupdy. Sebäbi geçen ýyl awtoulag önümçiliginiň azalmagy we mobil enjamlara bolan islegiň ýokarlanmagy bilen ýarymgeçriji öndüriji kompaniýalar smartfonlar we kompýuterler üçin çip önümçiligini ýokarlandyrypdylar. Awtoulaglar üçin çip önümçiligini artdyrmak bolsa, artan önümçiligiň hem täsiri bilen doly başa barmady. Şol sebäpli şu ýylyň bahar aýlarynda iri awtoulag öndürijiler önümçiligini bir-iki hepde ýaly togtatmaly bolupdylar. Bilermenler bu meseläniň ýylyň ahyryna çenli dowam etjekdigini mälim edýär.

Angliýadaky awtoulag önümçiliginiň pese gaçmagy eksporta hem täsir edipdir. Maglumata görä, şu ýylyň ilkinji ýedi aýyndaky awtoulag eksporty pandemiýadan ozalky döwür bolan 2019-njy ýyldakydan 29 göterim pes bolupdyr. Jemgyýetiň başlygy Maýk Hawes koronawiruw çäklendirmeleriniň dowam etmegi bilen awtoulaga bolan islegiň ýokarlanjakdygyny, emma ýarymgeçiriji önümçiliginde garaşylan ösüşiň bolmazlygynyň awtoulag senagatynyň kiçelmegine sebäp boljakdygyny aýtdy.

Ýurtda awtoulag senagaty ykdysadyýete uly peýda getirýär. Bu pudagyň ýurduň ykdysadyýetine goşandy 78,9 milliard funt sterling. Häzirki wagtda ýurtda awtoulag önümçiliginde 180 müň, üpjünçilik zynjyrynda 864 müň adam zähmet çekýär. Çip ýetmezçiligi dowam eden ýagdaýynda iş orunlarynyň azalyp biljekdigi aýdylýar. Käbir bilermenler bolsa bu meseläniň 2023-nji ýyla çenli dowam etjekdigine ünsi çekýärler.