Litwa we Polşanyň arasynda dünýäniň ilkinji sanly “köprüsi” guruldy. Sanly portal bolan bu enjam uzakdaky adamlar bilen göni ýaýlymda habarlaşmaga mümkinçilik berýär. “Go Vilnius” atly portal uly tegelek ekrandan ybarat. Bu ekrandan ikisi bolup, biri Litwanyň paýtagty Wilnýusda, beýlekisi 600 km daşlykdaky Polşanyň Lýublin şäherinde oturdylypdyr. Bu iki portal hemişe açyk durýar. Isleg bildirýänler beýleki şäherdäki adamlar bilen habarlaşyp bilýärler. Bu bolsa täze dostluklary edinmäge mümkinçilik berýär. Bu taslama pandemiýa döwründe uzak ýerlere gidip bilmedik adamlaryň täze dostluklary edinmegi we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine üns çekmek üçin döredilipdir. Portala işläp taýýarlanlar oňa beýleki şäherleri hem goşmagy maksat edinýär.