Alymlar adamlaryň ýaşap biljek Ýere meňzeş täze planetalary gözlemegini dowam etdirýärler. “Astrophysical Journal”-da neşir edilen makalada, Neptuna meňzeş planetanyň görnüşiniň ýaşaýyş üçin amatly bolup biljekdigi mälim edildi. Täze planeta “Hycean” diýlip atlandyrylyp, planetanyň uludygyny we örän yssydygyny, atmosferanyň wodorod bilen doludygyny we uly umman bilen örtülendigi aýdylýar. “Hycean” planetasynda haýsy aýratynlyklaryň ýaşamak üçin amatlydygy degişli hünärmenlerden soralanda, ýerüsti ummanyň, Ýere meňzeş baý atmosferanyň bardygyny aýtdylar.