Polýar we buz sebitlerini öwrenýän “Milli Gar we Buz Maglumat Merkeziniň” habaryna görä, şu ýylyň iýul aýynyň ahyryndan awgust aýynyň ortalaryna çenli Grenlandiýada 800 müň inedördül kilometrden gowrak buz eredi. Soňky 30 ýylda Grenlandiýada we Antarktidada buz ýitgisi eýýäm alty esse artdy. Awgust aýynyň ortalarynda güýçli ýylylyk tolkuny Grenlandiýanyň buz örtüginiň köpüsini eretdi, bu bolsa Tehasyň meýdanyndan üç esse köpdür. 2021-nji ýylda adanyň erän meýdany 1981-2010-njy ýyllardaky ortaça derejeden has ýokary. Arktikany öwrenýän alymlar soňky birnäçe ýylda Grenlandiýanyň azyndan 350 ýyldakydan has çalt ereýändigini anykladylar. Howanyň gyzmagy we yssy tolkunlaryň barha güýçlenmegi bilen adanyň sowuk depesinde-de uly ereýişler bolýar. Hatda ýagyş hem ýagdy. Gadymy Grenlandiýanyň buz özenlerinden alnan subutnamalara salgylanyp, buzlaryň eremeginiň soňky üç onýyllykda köpelendigi aýdylýar.