Ýaponiýaly hünärmenler wagýa sygyr etini 3D printerde çap edip nusgasyny taýýarladylar. Beýanata görä, bu et dünýäde iň gymmat et hasaplanýar. Sebäbi köp mukdarda öýjükli ýagy öz içine alýar we özüne mahsus aýratyn tagamy bar. Ýapon inženerleri onuň gurluşyny mümkin boldugyça takyk döretmäge synanyşdylar. Hünärmen awtorlarynyň biri Kan Don Hi – “Wagýa sygyr etiniň gistologik gurluşyny nusga hökmünde ulanyp, 3D gurluş usulyny taýýarladyk, bu myşsa süýümleri ýag we gan damarlary ýaly kesgitli aýratynlyklary bolan çylşyrymly gurluşlary köpeltmäge mümkinçilik berýär” -diýdi. Alymlar köp görnüşli kök öýjükleriniň iki görnüşini – miýosatellitleri (myşsa öýjükleri) we adipoz dokumasynyň kök öýjüklerini ulandylar. Bulardan 72 süýüm kollagen tendonlaryndan bioprintirlemek arkaly alyndy. Soňra üç ölçegli gurluşa öwrüldi. Gözlegçileriň pikiriçe, geljekde olaryň tehnologiýasy sarp edijilere sargyt edilen eti tagamyna we iýmitleniş aýratynlyklaryna esaslanyp, her kimiň islegine görä taýýarlamaga mümkinçilik berer.