Dünýä boýunça jemi 5 milliard 112 million doza koronawirus sanjymy edilendigi mälim edildi. Sanjymda Hytaý 1 milliard 988 million doza bilen öňdeligi eýeleýär. Ilaty babatda ikinji ýerde durýan Hindistanda 603 million doza sanjym edilipdir. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda jemi 524 million doza sanjym edilipdir. “Bloomberg” neşiri tarapyndan taýýarlanan maglumatda soňky 24 sagadyň dowamynda 38,4 million doza sanjym edilipdir. Maglumatlar gündelik edilýän sanjymyň mukdarynyň hem artýandygyny görkezýär. Täze sanjymlaryň peýda bolmagy, bar bolanlarynyň önümçiliginiň we paýlanylyşynyň artmagy pandemiýadan garaşylandan has ir üstün çykmakda umyt döredýändigi bellenilýär.