Bütin dünýäde koronawirusa garşy sanjym işleri dowam etdirilýär. Käbir ýurtlarda bolsa, adamlary sanjyma höweslendirmek üçin dürli çäreler geçirilýär. Häzire çenli sanjym alanlara ýumurtga, towuk, sygyr we awtoulag ýaly dürli höweslendiriji zatlar berildi. Köp ýurtda bolsa lotereýa biletleri tölegsiz berildi. ABŞ-nyň Miçigan ştatynda hem sanjym alanlara lotereýa bileti gowşuryldy. Baş baýrak hökmünde iki million dollar bellenildi. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde aşygy alçy gopanlara talyplar üçin aýlyk hak we nagt pul ýaly beýleki höweslendiriji baýraklar berildi. Bu bolsa sanjym almaga isleg bildirýänleriň sanyny görnetin köpeldipdir. Azyndan birinji doza sanjymy alanlaryň arasynda geçirilýän bu çärede baş baýragy Kristin Duwal atly zenan aldy. Bagty çüwen zenana 2 million dollar berildi. Duwal bu puluň bir bölegini saglygy goraýyş pudagyna kömek üçin berjekdigini mälim etdi.
Baýragyň umumy bahasy 5 million dollar bolup, 12-17 ýaş aralygyndaky raýatlara 9 sany, hersiniň mukdary 55 müň dollar bolan talyp haky berildi. Talyp haky 4 ýyllyk ýokary okuwyň dowamynda berler.