Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň “Žogorku Keňeş”-iň deputatlaryny saýlamak baradaky Karara gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynda habar berilýär.
Bu Kararda şu ýylyň 28-nji noýabrynda täze çagyryşyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigi bellenilýär.
“2021-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen sala salşykda kabul edilen Gyrgyzystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, “Žogorku Keňeş” 90 deputatdan ybarat bolup, 5 ýyl möhlete saýlanýar” diýlip, metbugat gullugynda bellenilýär.
2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda “Žogorku Keňeş”-iň deputatlaryny saýlamagyň täze düzgünini göz öňünde tutýan saýlawlar baradaky kanuny güýje girdi. Şeýlelikde, 54 deputat bir saýlaw okrugynda proporsional ulgam boýunça (syýasy partiýalaryň dalaşgärleriniň açyk sanawlary boýunça), 36 deputat bolsa, bir mandatly saýlaw okruglarynda majoritar ulgam boýunça saýlanar.