Global derejede ýüze çykan ýarymgeçiriji ýetmezçiligi awtoulag senagatynda önümçiligiň wagtlaýyn togtamagyna getirýär. Çip ýetmezçiligi şu ýylyň başynda awtoulaglara bolan islegiň görnetin ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykypdy. Geçen ýyl mobil enjamlara bolan islegiň ýokarlanmagy çip öndürýän firmalaryň önümlerini tehnologiýa kompaniýalaryna niýetlemegi hem awtoulaga niýetlenen çipleriň ýetmezçiligine sebäp boldy. Düzüminde “Fiat”, “Peugeot” we “Citroen” ýaly belli brendleri jemleýän “Stellantis” kompaniýasy hem çip ýetmezçiligi netijesinde Italiýadaky zawodlarynda önümçiligi togtadar.

FCA we PCA toparlarynyň birikmegi netijesinde emele gelen dünýäniň iň iri awtoulag toparlarynyň biri bolan “Stellantis”-iň ýeňil ulag öndürýän zawody bir hepdelik arakesme eder. Önümçiligi togtadyljak zawodlarda 7 müň töweregi işçi zähmet çekýär we her ýylda 250 müň ýeňil awtoulag öndürilýär. Toparyň beýleki zawodlarynda hem önümçiligiň togtadylmagyna garaşylýar.

Golaýda Angliýada hem şeýle bökdençlik ýüze çykypdy.