Alymlar golaýda Ýer ýüzüniň iň demirgazygyndaky täze adanyň üstünden bardylar. Ada “Qeqertaq Avannarleq” adynyň berlendigi mälim edildi. Grenlandiýanyň Arktika stansiýasynyň (Arctic Station) barlagçylary nusgalyk toplamak üçin deňizde aýlanyp ýörkäler tötänleýin diýen ýaly kiçijik adanyň üstünden bardylar. Hünärmenler ilkibaşda 1978-nji ýylda daniýaly topar tarapyndan üsti açylan “Oodaaq” adasyna barandygyny pikir etdiler. Emma onuň ýerleşýän ýeri doly kesgitlenende, agzalýan adanyň 780 metre günorta-gündogaryndaky başga bir adanyň üstünden barandyklaryny öwrendiler.

Bu syýahaty maliýeleşdirýän “Leister” jemgyýetiniň esaslandyryjysy, şweýsar telekeçi Kristiýan Leýster adanyň üstünden barlanda, hemmeleriň “Oodaaq” adasyny tapandyklaryna begenendigini, emma irki döwürlerde düýbünden başga ýere baran jahankeşdelere meňzändiklerini aýtdy.

Uzynlygy 30, beýikligi 3 metr

Ululygy 30 metre barabar bolan adanyň beýik nokady 3 metre ýetýär. Ada deňziň düýbündäki palçykdan we hereket edýän buzlaryň netijesinde emele gelen daşlardan ybarat. Ada grenland dilinde “iň demirgazykdaky ada” manysyny berýän “Qeqertaq Avannarleq” diýlipdir.

Buzluklaryň eremegi netijesinde ýüze çykan hem bolsa, alymlar täze tapylan adanyň Grenlandiýadaky buz gatlagynyň eremegine sebäp bolan global maýylganlyk bilen bagly däldigine ünsi çekýärler. Daniýanyň Milli kosmos institutynda zähmet çekýän professor Rene Forsberg Grenlandiýanyň demirgazygyndaky meýdanyň bir böleginiň Demirgazyk buzly ummanynyň buzlary bilen örtülendigini, emma mundan ozal tomus aýlarynda 4 metr galyňlykda bolýan bu buz gatlagynyň ilkinji gezek 2-3 metre çenli ýukalandygyny aýtdy.

Suwuň jümmüşindäki gury ýer böleginiň ada hasaplanmagy üçin gaýtgyn-joşgun döwründe suwuň ýüzünde galmagy hökmany hasaplanýar. Forsberg bu gury ýer böleginiň agzalýan ölçege gabat gelýändigini belläp, häzirki wagtda täze adanyň Ýer ýüzüniň iň demirgazygyndaky gury ýer bölegidigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda Demirgazyk polýusda gözlegler we jedeller artýar. Sebitiň baý ýerasty baýlyklarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle bolansoň, ABŞ, Russiýa, Kanada, Islandiýa, Ýaponiýa we Hytaý ýaly ýurtlar bu sebit bilen ýakyndan gyzyklanýar. 2007-nji ýylda ABŞ-ly Dennis Şmitt atly alym ýokarda agzalan adanyň töwereginde kiçiräk bir adanyň üstünden bardy.