Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaýda internet ulanyjylarynyň sanynyň 1 milliarddan geçendigi mälim edildi. Taýýarlanan maglumatda ýurduň ilatynyň 71,6 göteriminiň internet ulanyjysydygy mälim edildi.  Bu barada Hytaýyň Internet tory maglumat merkezi (CNNIC) hasabat taýýarlady. Edaranyň taýýarlan maglumatyna görä, internet ulanyjylarynyň sanynyň geçen ýyldakydan 8 göterim köpelendigi bellenildi.

Şeýle hem maglumatda ýurtda internet arkaly sargyt edilýän harytlaryň hem sanynyň örän ýokarydygy bellenilýär. Ýurtdaky internet ulanyjylarynyň ýarysyna golaýynyň onlaýn haryt sargyt edýändigi we salgysyna getirdýändigi aýdylýar.

Ýurtda taksi hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany hem ýylyň dowamynda 17 göterim artyp, 396 milliona ýetipdir.

“TikTok”-yň hytaýça nusgasy bolan “Douyin” atly wideo platformasynyň ulanyjylarynyň sany 6 göterim ýokarlanyp, 943 million ulanyja ýetipdir.

Maglumatda “Alibaba”-nyň “Alipay” we “Tencent”-iň “WeChat” töleg ulgamlaryndan peýdalanýanlaryň sany 8 göterim artyp, 872 million adama ýetipdir.