MRT (Magnit- rezonans-tomografiýa) enjamlary bedeniň içgi hem-de daşky bejergiler üçin ulanylýar. Bu nukdaýnazardan seredilýän enjamlaryň kömegi bilen keseliň gidişine-de, näsagyň bejergisiniň netijeliligine-de gözegçilik edip bolýar. Munuň üçin magnit meýdany we radio tolkunlary ulanylýar. “Portable Point-of-Care MRI” atly bu enjam islendik ýerde hassalar üçin MRT barlaglaryny geçirip biler. Mundan başga-da, tigirleriniň kömegi bilen süýşürip bolýan enjam adaty MRT enjamlardan 10 esse ýeňil we nyrhy 20 esse arzan bolar. Hatda ýene-de bir tarapy bolsa 35 esse az energiýa sarp eder. Enjamy döreden topar onuň ygtybarlylygyny görkezmek üçin birnäçe synag geçirdi. Beýinde adaty bolmadyk hereketleri bolan 30 näsagda geçirilen synaglaryň 29-syny dogry kesgitlän enjam 144 näsagda ysmaz üçin synag geçirilende takyklyk derejesini 80 göterim görkezdi.