30-njy awgustdan başlap, Parižde ulaglaryň tizligi umumylykda, sagatda 30 km bilen çäklenýär. Bu barada “Deutsche Welle” neşiri habar berýär.

Tizlik çäkleri, aýlaw ýollarynda, bulwarlardan we şaýollardan başga ähli ugurlara diýen ýaly girizildi. Halkalaýyn ýoldan öňküler ýaly sagatda 70 km tizlik bilen sürüp bolýan bolsa, şäheri gurşap alýan bulwarlarda sagatda 50 km tizlik bilen sürüp bolýar. Geçirilen pikir soralyşyklarda parižlileriň köpüsiniň bu çäräni goldaýandygy belli boldy.

Parižiň meri ulaglaryň tizligini sagatda 30 km çenli çäklendirmek bilen, şäherdäki ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we daşky gurşawy goramaga kömek etmegi niýet edinýär. Bu çäklendirme, Parižiň meri Anne Idalgonyň geçen ýylky şäher saýlawlaryndan öň beren wadalarynyň biri boldy. Mundan başga-da, Anne Idalgo paýtagtda welosiped zolaklarynyň sanyny köpeltdi we şol bir wagtyň özünde awtoulag duralgalarynyň sanyny azaltdy.