Germaniýanyň maliýe ministri Olaf Şols ýurduň hökümet baştutany wezipesine dalaş edýänleriň ilkinji telewizion çekişmelerinde ýeňiş gazandy. “Forsa” institutynyň geçiren pikir soralyşyk we barlag işleriniň netijeleri muňa şaýatlyk edýär.

Olaf Şols wise-kansler wezipesini ýerine ýetirýär, şol bir wagtyň özünde Germaniýa Sosial demokratik partiýasy tarapyndan kanslerlige dalaşgär bolup, häzirki wagtda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri wezipesine dalaş edýär.

“Forsa” institutynyň geçiren pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 36% göterimi Şolsuň RTL we “N-tv”-de guralan telewizion çekişmelerde ýeňiş gazanandygyny öňe sürýärler.

Soraga gatnaşanlaryň 30 göterimi “ýaşyllaryň” dalaşgäri Annelena Berboka ses berdi.

Sesleriň 25 göterimi bolsa, Hristian demokratik we Hristian sosial bileleşikleriniň konserwatiw blogynyň bäsdeşi Hristian demokratik bileleşiginiň lideri Armin Laşete berildi.

Pikir soralyşyga 2500 adamyň gatnaşandygy habar berilýär. Germaniýada Parlament saýlawlary 26-njy sentýabrda geçiriler. Ýeňiji partiýanyň hökümet gurmaga hukugy bolar we partiýa sanawynyň lideri oňa ýolbaşçylyk eder. Mundan öň, häzirki Kansler Angela Merkel HDB-HSB-niň iň uly partiýalarynyň birinden özüni hökümet başlygy wezipesine hödürlemejekdigini aýdypdy.