Koreýanyň tehnologiýa kompaniýasy “Samsung” dünýäniň islendik künjeginden öz telewizorlaryny uzakdan öçürip bilinýän telewizory işläp taýýarlady. “TV Blok” telewizor ogurlanan ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen eýesi onuň ulanylmagyny islemedik ýagdaýynda ony doňdurmaga mümkinçilik berýär. Ýagny enjamy eýesinden birusgsat ulanyp bolmaýar. Tehnologiýanyň maksady, dükanlardan, ammarlardan we öýlerden telewizorlaryň ogurlanmagyna garşy göreşmekdir. “Samsung” kompaniýasynda bu aýratynlygyň özüniň ähli önümlerinde öňünden gurlandygyny aýtdylar.

Blokirleme amaly ogurlanan enjamyň seriýa belgisini kompaniýanyň serwerinde görkezip, uzakdan işjeňleşdirilýär. Telewizor internete birikdirilende, onuň programmasy täzelenen sanawda deňeşdirip barlanýar we gabat gelen halatynda enjamdaky ähli funksiýalar petiklenýär. Doly işlemegi dikeltmek üçin kompaniýa satyn alyş tassyklamasyny we ygtybarly ygtyýarnamany ibermeli.