Döwlet Baştutany wezipesine ýeke-täk dalaşgär bolan Estoniýanyň Milli muzeýiniň direktory Alar Karis Parlamentdäki ikinji saýlawda Estoniýanyň prezidenti boldy. Bu barada 31-nji awgustda Baltika Respublikasynyň iň ýokary kanun çykaryjy guramasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Saýlawyň ikinji tapgyrynda Karis döwlet Baştutany wezipesine ýeke-täk dalaşgär bolup galdy, emma saýlaw topary ikinji tapgyra başlamazdan ozal, deputatlaryň beýleki dalaşgärleri hem hödürläp biljekdiklerini, ýöne munuň üçin 21 goluň zerurdygyny mälim etdiler. Şeýle-de bolsa, halk wekilleri bu pursatdan peýdalanmadylar.
“Dalaşgäri saýlamak üçin halk deputatlarynyň azyndan üçden iki böleginden, ýagny 101-den 68 ses almalydy. Karisiň saýlanmagyna 72 deputat ses berdi. Sekiz saýlaw býulleteni doldurylmady. Jemi 80 deputat ses berdi” – diýlip beýanatda aýdylýar.
Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry duşenbe güni geçirildi. Gizlin ses berişlikde Karisiň dalaşgärligine 63 deputat ses berdi, 16 býulleten doldurylmady, 22 kanun çykaryjy ses berişlige gatnaşmady. Jemi 79 deputat ses berdi. Netijede Karis ýeňiş gazanmak üçin bäş ses alyp bilmedi.
Estoniýanyň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Hiç kim yzly-yzyna iki möhletden köp Respublikanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp bilmeýär.