Dünýä boýunça jemi 5 milliard 312 million doza koronawirus sanjymy edilendigi mälim edildi. Sanjymda Hytaý öňdeligi eýeleýär. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda 2 milliard 55 million doza bilen öňdeligi eýeleýär. Ilaty babatda ikinji ýerde durýan Hindistanda 634 million doza sanjym edilipdir. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda 640 million doza sanjym edilipdir. “Bloomberg” neşiri tarapyndan taýýarlanan maglumatda soňky 24 sagadyň dowamynda 40 million dozadan gowrak sanjym edilipdir. Maglumatlar gündelik edilýän sanjymyň mukdarynyň hem artýandygyny görkezýär. Täze sanjymlaryň peýda bolmagy, bar bolanlarynyň önümçiliginiň we paýlanylyşynyň artmagy pandemiýadan garaşylandan has ir üstün çykmakda umyt döredýändigi bellenilýär.