ABŞ-nyň Wilýam Marş Raýs adyndaky ylmy-barlag uniwersitetiniň alymlary ýürek urşunyň ýygylygyna gözegçilik etmek we EKG-ni yzygiderli hasaba almak üçin akylly eşikleri taýýarlap, bu maksat bilen oňa nanoturbajyklary berkitdiler. Hünärmenleriň pikiriçe, köýnekçä tikilen süýümler metal simler ýaly geçirijilige eýe bolup, ýuwlan halatynda hem zeper ýetmeýär. Şeýle-de köýnek rahat bolup, beden hereket edýän wagty döwülmek ähtimallygy azdyr. Barlaglaryň dowamynda, köýnekçäniň has gowy maglumatlary almagyň hötdesinden gelendigi belli bolupdyr.

Söwda maksatly lukmançylyk elektrod monitorlary bilen deňeşdirilende, uglerod nanotrubkaly bu köýnekçe EKG-niň netijelerini has-da gowulandyrdy. Köýnekçä tikilen süýümler ulanyjynyň derisi bilen yzygiderli elektrik aragatnaşygyny üpjün edip, eýesiniň smartfonyna maglumatlary geçirmek üçin elektrod bolup hyzmat edýär.

Alymlaryň bu barlaglary amerikan himiýa jemgyýetiniň “Nano Letters” žurnalynda çap edildi.