Kä­bir jan­dar­lar göw­re­si ki­çi bol­sa-da, bat­ly ses çy­kar­ýar­lar. Olar şeý­le se­si haý­sy­dyr bir how­puň go­laý­la­ýan­dy­gy­ny beý­le­ki­le­re ha­bar ber­mek, baş­ga bir jan­da­ry gor­kuz­mak we baş­ga-da bir­nä­çe se­bäp­ler­den çy­kar­ýar­lar. Şeý­le ga­ty ses­li jan­dar­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris:

Ka­şa­lot. Kit­ler toparyna de­giş­li uly süý­dem­di­ri­ji de­ňiz jan­da­ry bo­lan ka­şa­lot Ýer ýü­zü­niň iň bat­ly ses çy­kar­ýan jan­da­ry ha­sap­lan­ýar. Onuň se­si 200 de­si­bel­den geç­ýär. Em­ma ses suw­da ho­wa­da­ky­dan, ýag­ny ýer­dä­ki­den has çalt he­re­ket ed­ýär. Bu ýag­daý göz öňün­de tu­tu­lan­da, alym­lar onuň se­si­niň howada, ýagny gury ýerde 170 de­si­be­le ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Af­ri­ka çyr­la­wu­gy. Af­ri­ka çyr­la­wu­gy dün­ýä­niň iň bat­ly ses çy­kar­ýan mör-mö­je­gi ha­sap­lan­ýar. Onuň se­si 107 de­si­be­le ýet­ýär. Bu ses ben­zin bi­len iş­le­ýän byç­gy­nyň se­sin­den hem bat­ly­dyr. Bu jan­dar­lar duş­man­la­ry­ny gor­kuz­mak üçin bir­ wag­tyň özün­de gy­gy­ryp baş­la­ýar­lar.
Re­wun. Maý­my­nyň re­wun at­ly gör­nü­şi gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan iň bat­ly ses çy­kar­ýan jan­dar ha­sap­lan­ýar. Gü­nor­ta we Mer­ke­zi Ame­ri­ka­da­ky to­kaý­lar­da ga­bat gel­ýän bu jan­dar 140 de­si­bel öl­çe­gin­de ses çy­kar­ýar. Bu ses 5 ki­lo­met­re go­laý ara­lyk­dan eşi­dil­ýär.