1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi
Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek – hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde siz bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady.
Milli Liderimiz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň her gününi halkymyz şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär diýip, biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys. Bu gün baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar. Şol çäreler mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrmak bilen, bilimler baýramynyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär diýip belledi.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan mähriban ýaşlara ýüzlenip eden taryhy çykyşyndan ýaş nesillerimize gymmaty hiç zat bilen ölçenip bolmajak öwüt-ündewlerinden we sargytlaryndan birnäçesini size ýetirýäris.
Gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi.
Eziz ýaşlar, bu hakykaty siziň ähliňiz ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbyňyzda götermelisiňiz! Bu taglymat pederlerimiziň arzuw-ynamyndan, yhlasyndan wysal bolan berkarar döwletimiziň geljegine jogapkär nesil, kalby hyjuwdan doly ýaşlar hökmünde sizi belent maksatlara ruhlandyrmalydyr.
Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag – ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn.
Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr.
Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.
Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!
Okaň, guruň, dörediň! Eziz Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, merdana halkymyzy ajaýyp şygyrlaryňyz, kyssalaryňyz, sazlaryňyz, sungat eserleriňiz bilen belentden wasp ediň!
Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler.
Bu gün türkmen paýhasy dünýä nur saçýar, türkmen topragynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana jan-u-tenden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr .
Geçirýän giň gerimli işlerimiziň netijesinde paýtagtymyz geljekde has-da gözelleşer, dünýäniň iň nurana şäherleriniň birine öwrüler. Men ýaşlary paýtagtymyzyň XXI asyryň nusgalyk şäheri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrýaryn.
Biz mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Ýaşlarymyzyň geljekde-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur. Ýaş nesillerimizde halkymyzyň iň oňat, iň gözel, iň belent ahlagy jemlenmelidir.
Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr.
Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz!
Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzi nurana bolmalydyr. Çünki siz ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslisiňiz.
Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňi sap bolmalydyr. Çünki siz beden hem-de ruhy taýdan päkligiň belent kadalary bilen dünýäni haýrana goýan milletiň neslisiňiz.
Sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlyk we ruhubelentlikdir.
Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys.
Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgydyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak, Siziň esasy borjuňyzdyr.
Mähriban ýaşlar! Ýurdumyzyň gelejegi siz bilendir!.
Mähriban we eziz ýaşlar! Siz bilen öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!