Soňky ýyllarda tehnologiýa kompaniýalary dürli maksatlar bilen awtoulag öndürýär. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan «Xiaomi» awtoulag öndürmek üçin «Xiaomi Automobile Co. Ltd.» atly kompaniýa döretdi. Bu kompaniýada 300 adam zähmet çeker. «Xiaomi» täze kompaniýanyň resmi ýagdaýda esaslandyrylandygyny, söwda maksatly we senagat üçin hasaba alnandygyny mälim etdi. Täze kompaniýa üçin 10 milliard ýuan (155 million dollar) bölünip berildi. Kompaniýa dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň önümçiligini gysga wagtda ýola goýmagy maksat edinýär. Bilermenler bu taslamany durmuşa geçirmek üçin awtoulag öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belleýärler. Ýeri gelende bellesek, hytaý brendi diňe mobil enjamlary däl, eýsem, dürli elektron enjamlary, samokat, welosiped ýaly ýeňil ulaglary hem öndürýär.