Ko­re­ýa­ Respublikasynyň «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy 7-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­sin­de wo­do­rod bi­len iş­le­ýän tä­ze sport aw­tou­la­gy­ny hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da köp kom­pa­ni­ýa­lar ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­mak üçin elekt­rik­li we wo­do­rod­ly aw­tou­lag­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.
Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri Ko­re­ýa Respublikasy­nyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa wo­do­rod ýan­gyç­ly tä­ze sport aw­tou­la­gy­ny ön­dür­di. As­lyn­da, wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ulag­lar edil elekt­rik ulag­la­ry ýa­ly elekt­rik bi­len iş­le­ýär. Şeý­le-de bol­sa, wo­do­rod ulag­la­ryn­da ba­ta­re­ýa ýok.
Bu ulag­lar elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny için­dä­ki wo­do­rod­dan al­ýar­lar. Ben­zin we di­zel ýa­ly ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gyç­la­ryň ýe­ri­ne wo­do­rod ulan­mak kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň möç­be­ri­ni azalt­mak üçin iň oňat çöz­güt­le­riň bi­ri­dir.
Şol se­bäp­li kä­bir ön­dü­ri­ji­ler bu teh­no­lo­gi­ýa­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin iş­le­ýär­ler, wo­do­rod ýan­gy­jy­nyň ba­ha­sy we ze­rur ýan­gyç stan­si­ýa­la­ry­nyň ýok­lu­gy bu teh­no­lo­gi­ýa üçin hä­zir­lik­çe esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­dir.

Hez­ret­gu­ly AMA­NOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.