Russiýanyň «Yandex» kompaniýasy «Uber» bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar. Internet ulgamynda iş alyp barýan «Yandex» amerikan brendiniň azyk paýlaýan bölüminden 1 milliard dollarlyk paýnama satyn aldy. Bu ylalaşygy iki tarapyň hem tassyklandygy we şu ýylyň dowamynda güýje girjekdigi mälim edildi.
Iki kompaniýa sürüjisiz ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygyny artdyrarlar. Bu hyzmatdaşlyk «Yandex.Taxi»-ni öz içine alar. Dünýäniň birnäçe ýurdunda iş alyp barýan «Uber» adamlara öz awtoulagy bilen taksiçilik hyzmatlaryny we sargyt edilen harydy salgysyna eltmek hyzmatyny amala aşyrýar. Internet we karta hyzmatlaryny hödürleýän rus kompaniýasynyň «Yandex.Taxi» bölümi hem şeýle hyzmat hödürleýär. Pandemiýa döwründe şuňa meňzeş hyzmatlara islegiň ýokarlanmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň artmagyna getirdi. «Uber» bilen «Yandex» 2018-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär.
Batyr Gutlymyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.