Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň kämil derejede ösdürilýän döwründe uly ösüşlere eýe bolýan pudaklaryň biri hem dokma senagaty pudagydyr.
Ýurdumyzda dokma pudagy bedew bady bilen öňe barýar. Paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we obalarymyzda döwrebap täze dokma toplumlarynyň, önüm öndürýän dürli kärhanalaryň gurulmagy hem-de olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde ýokary hilli dokma önümleri öndürilýär.
Golaýda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda ýene-de bir döwrebap dokma toplumy ulanmaga berildi. Bu iri dokma toplumy bölümleriň birnäçesini öz içine almak bilen, olarda dünýä meşhur önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýalary oturdyldy. Bu bolsa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli nah ýüplügini, egin-eşiklik matalary hem-de taýýar önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.
Egriji, dokma, boýag we tikinçilik bölümlerini öz içine alýan täze toplumda 1300 iş orny döredildi. Bu ýerde inçe süýümli pagtanyň ýylda 5 müň tonnasyny gaýtadan işläp, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümini öndürmäge giň mümkinçilikler bar.
Bulardan başga-da häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda önümçilik kuwwaty her ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy pudagyň ösüşine itergi berer.
Hormatly Prezidentimiziň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrundaky tagallalarynyň rowaçlanmagynda täze toplumyň orny uly bolar. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa çig maldan öndüriljek ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarda uly islege eýe boljakdygyny ynamly aýtmak bolar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli dokma önümlerimize bolan isleg barha artdy. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda dokma pudagyna degişli täze döwrebap dükanlar açylyp, ol ýerde ýokary hilli önümler satylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 70-den gowrak dokma kärhanasy hereket edip, olar pagta çig malyndan dürli görnüşli önümleri – pagta ýüplügini, matalary, taýýar trikotaž, tüýjümek, jins we garyşyk matalary öndürmek bilen meşgullanýarlar.
Türkmen dokma önümleriniň 70%-den gowragy Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Hytaý, Ukraina, Ýewropa we Baltika ýurtlaryna eksport edilýär.
Jennet BABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.