3-nji sentýabrda geçirlen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ýurdumyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalarda hem-de pagta kabul ediş harmanhanalarynda hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemme şertler döredildi. Şeýle hem bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglary, traktorlar we traktor tirkegleri netijeli ulanylar.
Pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar zerur bolan enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilýär.
Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylynyň öndürilmegi bolsa dokma senagaty pudagymyzy gymmatly pagta önümleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.
Milli Liderimiz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.