Rus kosmonawtlar şu ýylyň iýulynda Halkara kosmos bekedine birigen “Nauka” modulynda işläp başladylar. Oleg Nowitskiý hem-de Pýotr Dubrow bu ýerdäki ilkinji işlere girişdiler. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýurduň gatnaşmagynda işledilýän Halkara kosmos bekedi kosmos bilen bagly däl-de, esasan, ylmy işleri we tejribeleri geçirmek maksady bilen ulanylýar. Şol sebäpli äpet beketde birnäçe laboratoriýa hereket edýär. Golaýda olaryň hataryna Russiýanyň “Nauka” moduly hem goşuldy.

Kosmonawtlar “Poisk” modulyndan geçip, stansiýanyň daşyna çykyp, “Nauka” modulynyň elektrik we aragatnaşyk geçirijilerini birikdirdiler. Kosmonawtlar bu kyn we jogapkärli işe birnäçe gün öňünden taýýarlyk gördüler. Asman giňişliginde stansiýanyň daşyna çykylmagyna “kosmos ýörişi” diýilýär. Kosmonawtlaryň kosmos ýörişine Moskwadaky gözegçilik merkezinden göni ýaýlymda tomaşa edildi. Olar Ýerdäki kärdeşleri bilen gatnaşykda bolup, nähili hereket etmelidigi barada yzygiderli uzakdan aýdyldy.

Bu iş ýerine ýetirilýän wagty Oleg Nowitskiý elektrik ulgamynyň gapagyny açan wagty ony elinden sypdyrdy. Nowitskiý kosmos boşlugynda “ýüzüp” başlan gapagy soňky pursatda tutmagy başardy we ähli zadyň gözegçilik astyndadygyny aýtdy.

Kosmos ýörişi ýedi sagada golaý dowam etdi. Indiki kosmos ýörişiniň 9-njy sentýabrda boljakdygy mälim edildi.

Russiýanyň Federal Kosmos Agentligi tarapyndan 21-nji iýulda Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan uçurylan “Nauka” atly köpmaksatly laboratoriýa moduly 29-njy iýulda şowly ýagdaýda Halkara kosmos bekedine birigipdi.