Irlandiýa Respublikasynyň Merkezi statistika gullugy ýurduň ilatynyň, takmynan, 5,01 milliona deňdigini habar berdi. Bu 1851-nji ýyldan bäri, ilatyň ilkinji gezek 5 milliondan geçmegidir. Bu 1961-nji ýyldaky ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, ilatyň 2,19 million adam artandygyny görkezýär. Migrasiýa hem-de soňky 12 aýda ilatyň tebigy artyşy 34,000 adamdan ybarat boldy. Şeýle-de ýurtda ilatyň ortaça dowamlylygynyň artýandygy bellenilýär. 2021-nji ýylyň apreline çenli 65 ýaşy arka atanlaryň sany 22,200-e deň bolupdyr. Aprel aýynda Irlandiýada 65 we 65-den ýokary ýaşly 742,300 adam ýaşap, bu bäş ýyl ozalkydan 17,9% köpdür.
Statistika boýunça hünärmen Jeýms Hegarti, soňky statistikada COVID-19-yň käbir demografik we sosial netijesini görkezýändigini belledi.
– Ilatyň artmagynyň sebäpleriniň biri hem migrasiýa. 2021-nji ýylda 30,000-den gowrak irlandiýaly öz ýurdunda ýaşamak üçin yzyna gaýdyp geldi, 22,000 irlandiýaly bolsa, daşary ýurtlara göçüp gitdi. Gidenlere garanyňda, watanyna dolanýanlaryň sanynyň artmagy 2010-njy ýyldan bäri üçünji gezek bolýar – diýip, ol aýtdy.
Jemi ilat 2016-njy ýyldan bäri, takmynan, 6% ýokarlandy, 65 ýaşy arka atanlaryň arasynda 18% töweregi ösüş göze ilýär.
Irlandiýa Respublikasy adybir adasynyň uly bölegini eýeleýär. Irlandiýa adasynyň bir böleginde bolsa, Birleşen Patyşalyga degişli bolan Demirgazyk Irlandiýa Respublikasy bar. Irlandiýa Respublikasy 1922-nji ýylda Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny alýar. Irlandiýa adasynda 1851-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen ilat ýazuwynda adanyň ilaty 5,11 million eken. Häzirki wagtda Demirgazyk Irlandiýanyň ilaty 1,89 million bolup, tutuş adada 6,9 million adam ýaşaýar.