Halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we hökümet baştutanlary howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş we goralyp saklanýan ýerleriň çäklerini giňelmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu meseleler Fransiýanyň Marsel şäherinde 3-nji sentýabrda öz işine başlan Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň maslahatynyň esasy mowzuklarynyň biri boldy.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron öz çykyşynda:
-Biodürlüligi goramak howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy durmagyň möhüm bölegi bolup, bize has çalt we has netijeli öňe gitmäge mümkinçilik berýär. Bu göreş diňe bir Ýer togalagynyň abadanlygy üçin däl, eýsem ýerli halklaryň ýaşamagy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Biodürlüligi goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreş adamlaryň saglygyny gorap saklamak üçin baş maksatdyr – diýip, belledi.
Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda BMG-niň ýolbaşçylarynyň, halkara bileleşikleriň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bar. “Conservation International” guramasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy we aktýor Harrison Ford öz çykyşynda:
-Ýer ýüzünde özboluşly ekoulgamlar bar. Olar ugleroda we biodürlülige baý. Biz bu batgalyklaryň, tropik tokaýlaryň, mangrow jeňňellikleriň bir bölegini hem halas edip bilsek hem, bizi gurşap alýan tebigaty, dem alýan howamyzy, suwy, iýmitimizi, iş ýerlerini we howa şertlerini goradygymyz bolar – diýip, belledi.
Marseldäki maslahata ÝUNESKO-nyň başlygy Odri Azulaý 2030-njy ýyla çenli dünýäde goralýan tebigy ýerleriň meýdanyny iki esse köpeltmäge çagyrdy. Şol bir wagtyň özünde Fransiýa deňizleri we ummanlary goramak boýunça işleri güýçlendirmek üçin maslahat geçirmegi wada berdi. Onlaýn we offlaýn ýagdaýda geçirilýän häzirki maslahat dokuz gün dowam eder.