Germaniýanyň paýtagty Berlinde yşyk festiwaly geçirilýär. 17-nji gezek geçirilýän festiwalyň çäklerinde şäheriň belli binalary dürli reňkli şöhleler bilen reňklendirildi. Wokzallar, terminallar, taryhy binalar, uniwersitetleriň binalary, köprüler, muzeýler, oteller, köşkler we ybadathanalar ýaly jemi 70 binanyň diwarlaryna ýokary durulykdaky proýektorlar arkaly şekiller serpikdirildi. Sungat eseri hasaplanýan bu şekiller bir ýyllap sanly ulgam arkaly döredildi. Ýörite sazlar arkaly görkezilýän şekiller tomaşa edenlerde uly täsir galdyrdy. Şekillerde durnukly ösüş, daşky gurşaw, ylmy açyş, sanlylaşma, elektron hereketlilik, ynsanperwerlik, medeni köpdürlülik ýaly temalar saýlanypdyr. Berlinliler we şäheriň myhmanlar 12-nji sentýabra çenli her agşam 20:00-00:00 aralygynda sanly görkezme çykyşlaryna tomaşa edip bilerler. Bu çykyşlara gatnaşygyň ýokar bolmagy üçin ýörite awtobus gatnawlary goýuldy.