Dünýäde jemi 5 milliard 484 million dozadan gowrak koronawirus sanjymy edilendigi habar berildi. Bu ugurda 2 milliard 100 million dozadan gowrak sanjym edilen Hytaý öňdeligi eýeleýär. Hindistanda 687 million doza sanjym edilipdir. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda bu görkezijiniň 537 million dozadygy mälim edildi.
“Bloomberg” neşiri tarapyndan taýýarlanan maglumatda soňky 24 sagatda 38,7 million doza sanjym edilendigi bellenildi.
Gündelik edilýän sanjym hasaba alnanda dünýä ilatynyň ählisine sanjym edilmeginiň birnäçe ýyl aljakdygy düşnüklidir. Emma, muňa garamazdan, sanjym önümçiliginiň durnukly artmagy we dürli derman öndüriji kompaniýalaryň täze sanjymlary satuwa çykarmagy sanjymyň garaşylandan has ir tamamlanmagyna mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.