ABŞ-nyň “General Motors” kompaniýasy çip ýetmezçiligi sebäpli Demirgazyk Amerikadaky birnäçe zawodynda önümçiligini bir hepde azaltjakdygyny mälim etdi. Şu ýylyň başynda ýüze çykan ýarymgeçirji ýetmezçiligi meselesi entek doly aradan aýrylmady. Şol sebäpli ýylyň başyndan bäri iri önüm öndürijiler önümçiligini togtadýarlar. Bu kararyň amerikan brendiniň ýük ulagy we SUV klasyna degişli ulaglaryna hem degişli boljakdygy mälim edildi.
“Covid-19” pandemiýasy döwründe global derejede ýüze çykan çip ýetmezçiligi diňe awtoulag däl, eýsem, elektronika senagatyna hem täsir etdi.
Geçen hepde “Ford Motor” hem çip ýetmezçiligi sebäpli ýük ulaglarynyň önümçiliginiň azaldyljakdygyny aýdypdy. “Ford”-yň satuwy awgust aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 33,1 göterim azalypdyr.
“Toyota Motor Corp” hem golaýda sentýabr aýynda global önümçiligiň ozalky önümçilik meýilnamasynda göz öňünde tutulandan 40 göterim azaldyljakdygyny aýdypdy.
“AlixPartners” maslahat beriş şereketiniň seljermelerine görä, çip ýetmezçiligi 2021-nji ýylda global awtoulag senagatynyň girdejileriniň 110 milliard dollar azalmagyna getirer.