Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu bolsa mekdep okuwçylarynyň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna we uly netijeleri gazanmaklaryna şert döredýär. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary “First Global Challenge” (FGC) atly olimpiada yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Mekdep okuwçylarynyň we höwesjeň ýaşlaryň arasynda geçirilýän halkara bäsleşige gatnaşmak üçin her ýyl 10-15 zehinli okuwçy saýlanyp, topar düzülýär. Şol bir wagtyň özünde bu topar ýurdumyza hem wekilçilik edýär. Toparyň adynyň özboluşly manysy bolup ol, “Oguz Robot” diýlip atlandyrylýar.

FGC halkara olimpiadasynyň baş maksady dünýä ýüzündäki hemme döwletleriň okuwçylaryny robototehnika we beýleki tebigy sapaklar ugrunda synap, özara bäsleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ýaryşyň ýene bir aýratynlygy okuwçylar diňe ylym-bilim däl-de, eýsem sosial ukyplary, media başarnyklary hem göz öňünde tutulyp sylaglanýar.

Şu ýyl geçirilýän ýaryş has gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýedir. Onlaýn görnüşinde geçirilýän bu olimpiada dünýäniň 170-e golaý ýurdundan mekdep okuwçylary we ýaşlar gatnaşýarlar. Häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýän bäsleşikde “Oguz robot” topary dürli ugurlarda ikinji orunda barýar. Ýaryşyň dowamynda has gowy netijelere hem garaşylýar.

Eýsem “Oguz robot” toparynyň üstünligi nämä esaslanýar?

Toparyň agzalary öz aralarynda 2-ä bölünýär, biri media, beýlekisi robototehnika. Olaryň her haýsynyň öz ýumuşlary bar. Geçen ýyllara garanyňda toparlaryň agzalarynyň has işjeň we ugurtapyjydygyny bellemek gerek.

FGC-nyň “Solutions Challenge Project” atly ýumuşyna görä gatnaşýan her ýygyndy öz ýurdunyň bir aspektine täze üýtgeşme geçirmeli. Ol aspektler ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim we tebigat. Türkmen ýygyndysy bilim ugruny saýlap, şol ugurda ilkinji günlerden başlap gözleg işlerini geçirýärler. Taslamanyň ady ‘STEM 4ALL” (STEM hemmeler üçin) bolup, onuň esasy adaty sapaklara 3D modelirleme we robot gurluşygyny goşmak bilen, drsleri has çuňlaşdyryp öwredilmeginden ybarat. Ýumuşy ýerine ýetirmek üçin okuwçylar ýörite sapaklary geçiş usulyny görkezýän meýilnamala düzüp, olary tejribe-de hem barlap görýärler. Taslamany halkara derejede geçirmek üçin türkmen topary Meksikadaky deň-duşlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Bäsleşik 18-nji sentýabr çenli dowam eder.