Eýranyň Balykçylyk edarasynyň hili ýokarlandyrmak, gaýtadan işlemek we bazary ösdürmek bölüminiň baş müdiri Isa Golşahi deňiz önümleriniň eksportyna isleg bildirilen halatynda, demir ýol infrastrukturasynyň ulanyljakdygyny aýtdy. Bu barada ýurduň IRNA habarlar gullugy habar berdi.

– Şu ýyl Eýranyň balyk önümlerine isleg bildirilen halatynda, demir ýol infrastrukturasyny ulanmagy meýilleşdirýäris. Ýurdumyzyň deňiz önümlerini demir ýol infrastrukturasy arkaly ýurduň demirgazygyndan (Astara) Azerbaýjana we Russiýa, demirgazyk-gündogardan Türkmenistana, Gazagystana, Hytaýa, günbatardan Türkiýä we Siriýa eksport edip bolýar – diýip, Isa Golşahi belledi.

Ol deňiz önümleriniň eksporty üçin howa transportynyň ulanylyşyny şeýle düşündirdi:

– Önümleriň howa gatnawy aşa gymmat bolansoň, adatça bahasy hem ýokary bolan önümler üçin ulanylýar. Has dogrusy, howa gatnawy arkaly, esasan, arap ýurtlaryna we Russiýa işbil ugradýarys – diýip, belledi.