Içe­ri aras­sa­la­nan­da aras­sa­laý­jy hi­mi­ki se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ulan­mak öý­ken­de nä­saz­ly­gyň ýü­ze çyk­mak how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu ba­ra­da Nor­we­gi­ýa­nyň Ber­gen uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry mä­lim ed­ýär­ler. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri Ame­ri­ka­nyň “Ame­rican Jo­ur­nal of Res­pi­ra­to­ry and Cri­tical Care Me­dicine” žur­na­lyn­da çap edi­lip­dir.
Alym­lar 20 ýy­lyň do­wa­myn­da 6236 meý­le­tin­çi­niň dem alyş ul­gam­la­ry­nyň ýag­da­ýy­na gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler. Öý eýe­si­niň we öý hyz­mat­çy aýal­la­ryň ara­syn­da, ýag­ny, öý hi­mi­ki bug­la­ry­ny dem alyp al­ma­ýa­nyň ara­syn­da ýyl­da dem al­ma­gyň muk­da­ry, de­giş­li­lik­de, 4,3 mil­li­litr we 7,1 mil­li­litr aza­lyp­dyr. Bu ýig­ri­mi ýyl­lyk tej­ri­be­si bo­lan çi­lim­keş­ler bi­len de­ňeş­di­ril­ýär.
Aras­sa­laý­jy se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ulan­ýan­la­ryň dem­gys­ma ke­se­li­ne uç­ra­mak müm­kin­çi­li­gi 12,3%, sü­pü­ri­ji aýal­la­ryň bol­sa, 13,7% ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Bar­la­gyň aw­tor­la­ry aýt­ma­gy­na gö­rä, öý hi­mi­ki se­riş­de­le­ri­niň uzak wagt­dan soň adam­la­ryň sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len şeý­le sy­na­gy ge­çi­rip­dir­ler.
Alym­lar ýyl­lar­bo­ýy az-az­dan ula­ny­lan hi­mi­ki se­riş­de­le­riň zy­ýa­ny­nyň ahyr­so­ňy be­den­de jem­le­nip, sag­ly­ga dü­ze­dip bol­ma­jak ze­per ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar.
Şol se­bäp­li aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ulan­maz­dan ozal onuň ga­byn­da ýa­zy­lan düz­gün­le­riň okal­ma­ly­dy­gy we berk ber­jaý edil­me­li­di­gi bel­le­nil­ýär.