27-nji sentýabrdan başlap, “Google” ulanyjylaryň “Android 2.3” işleýän enjamlarda hasaplara girmeginiň öňüni alar. Operasiýa ulgamynyň bu nusgasy ilkinji gezek 2010-njy ýylyň dekabrynda işe girizildi diýip, “The Sun” neşiri habar berýär. Netijede, “Google Maps”, “YouTube”, “Gmail” we kompaniýanyň beýleki programmalary indi agzalan amaly ulgamlarda işlemez. Häzirki wagtda hemmeler üçin elýeterli bolan amaly ulgamyň soňky nusgasynyň “Android 11” bolandygyny ýatladýarys. Öňümizdäki aýlarda beta synagynyň soňky tapgyrynda duran “Android 12” hem çykmaly.

Siz öz enjamyňyzyň amaly ulgamynyň haýsy nusgasynda işleýändigini görüp, hem-de ony ýokarlandyryp bilersiňiz. Munuň üçin smartfonlaryňyzdan “sazlamalar”-yň “ulgam” bölümine girip,”ulgam täzelenmesi” arkaly barlap ýa-da täzeläp bilersiňiz.