“ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden ýakyn wagtda koronawirusa garşy göreş boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi niýet edinýär. Bu çäre sentýabryň ahyrynda bolup biler” diýip, “Politico” gazeti habarly çeşmelere salgylanyp ýazýar.

Neşiriň söhbetdeşleriniň pikiriçe, dünýä liderleriniň maslahaty COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş,  şeýle-de global sanjym tagallalaryna bagyşlanar.

Bu sammitiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynyň üçünji ongünliginde guraljak nobatdaky ýokary derejeli mejlisiniň hepdeligine gabat gelmegine garaşylýar. Neşir Amerikan lideriniň halkara konferensiýa çagyrmak niýeti barada eýýäm birnäçe ýurda habar berlendigini, emma Waşingtonyň beýleki gatnaşyjylara entek resmi çakylyk ýollamandygyny belleýär.