Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi «Hyundai» kompaniýasy «Ioniq 5» ulag modelini robot taksisine öwrüp, ony ulanmaga bermegi meýilleşdirýär. Bu ugurdaky ilkinji ulagyny 2023-nji ýylda müşderilere hödürlemek göz öňünde tutulýar.
Soňky ýyllarda awtonom ulag tehnologiýalaryny ösdürýän kompaniýalaryň sany ep-esli artdy. Ýolagçylara doly özbaşdak hyzmat edýän robot taksileri käbir ýurtlarda, esasan hem Hytaýda hyzmat edip başlady.
Koreýa Respublikasynyň awtoulag öndürijisi «Hyundai» sürüjisiz awtoulag önümçiligine ähmiýet berýän kompaniýalaryň biridir. «Hyundai» «Motional» kompaniýa bilen bilelikde «Ioniq 5 Robotaxi» atly taslamasyny tanyşdyrdy. Bu sürüjisiz taksiniň 4-nji derejeli awtonom sürüjilik aýratynlyklary bolar.
Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, robot taksisinde 30-dan gowrak datçik, dürli kameralar, radarlar ýerleşdiriler.
Gunça UZBEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.