ABŞ-nyň aerokosmos edarasy (NASA) Jeýms Webbiň adyny göterýän kosmos teleskopynyň şu ýylyň 18-nji dekabrynda uçuryljakdygyny mälim etdi. «Arianespace» kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen enjamyň noýabrda uçurylmagyna garaşylýardy. Emma ýüze çykan käbir tehniki bökdençlikler sebäpli onuň wagtyny birneme yza süýşürmeli bolupdyr. Ýokary tehnologiýa bilen gurlan teleskop 1994-nji ýylda uçurylan «Hubble» teleskopynyň ýerine ulanylar.
Häzirki wagtda Kaliforniýadaky «Northrop Grumman» toplumynda duran teleskopa soňky düzedişler girizilýär we daşalmaga taýýar edilýär. Äpet enjam teleskop, «Arianespace» kompaniýasynyň «Ariane 5» göteriji raketasy arkaly uçurylar. Göteriji raketalar Fransuz Gwineýasyndaky kosmodroma eltilipdir.
Täze teleskop müňlerçe kilometr uzakdaky asman jisimlerini ýokary durulykda surata alýan kameralar bilen üpjün edilipdir. Bu kameralar infragyzyl şöhleler arkaly surata düşürýär. Şeýlelikde asman jisimleriniň nähili emele gelendigi barada gymmatly maglumat toplamaga ýardam eder.