Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasy geljek on ýylyň dowamynda awtoulag batareýalaryny we olaryň üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirmek maksady bilen 13,5 milliard dollardan gowrak pul sarp eder. Kompaniýanyň benzinli gibrid ulagy bolan «Prius» modeline isleg ýokary boldy. Şeýle bolansoň, beýleki kompaniýalar hem şuňa meňzeş ulaglarynyň sanyny artdyrdylar. Ýapon brendi geljek ýyldan başlap dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji awtoulaglaryny dünýä bazaryna hödürläp başlar.
Kompaniýanyň esasy maksady energiýanyň arassa görnüşleri bilen işleýän ulaglaryň bahasyny arzanlatmakdan we hemmeler üçin elýeterli etmekden ybarat. Häzirki wagtda elektroulaglar adaty ýangyçly ulaglardan has gymmat bolmagynda galýar. «Toyota»-nyň işläp taýýarlaýan täze tehnologiýalary batareýalaryň bahasyny 30 göterim arzanladar. Batareýalar elektroulaglaryň iň gymmat bölegi hasaplanýar. Şeýle hem bu batareýalar has agyr bolup, ulaga goşmaça ýük bolýar. Olaryň agramynyň ýeňledilmegi, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ulaglaryň bahasynyň görnetin arzanlamagyna getirer. Kompaniýanyň tehnologiýadan jogapkär ýolbaşçysy Masahiko Maeda ýakynda satuwa çykaryljak SUV ulaglarynyň elektrik energiýasyny 30 göterim az sarp etjekdigini aýtdy.
Gülkamar Sadykowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.