Hy­ta­ý Halk Respublikasynyň Baş­ly­gy Si Szin­pin ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ra­hat­çy­ly­gy, saz­la­şyk­ly ösü­şi we öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki hem-de söw­da we ma­ýa go­ýum­lar­da­ky me­se­le­le­ri çöz­me­giň «al­tyn aça­ry» di­ýip at­lan­dyr­dy. Bu ba­ra­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň li­de­ri Hyz­mat­lar bo­ýun­ça hytaý hal­ka­ra söwda sergisiniň (CIF­TIS) çä­gin­de ge­çi­ril­ýän glo­bal sam­mit­de mä­lim et­di. Mun­dan baş­ga-da, Si Szin­pin Hy­ta­ýyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­kel­me­gi­ne we ös­me­gi­ne iter­gi ber­mek üçin äh­li ýurt­lar bi­len hyzmatdaşlyk etmäge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Hu­su­san-da, HHR teh­no­lo­gi­ki ösüş pu­da­gyn­da ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä bi­len paý­laş­ma­ga ta­ýyn. Si Szin­pi­niň pi­ki­ri­çe, ýurt­lar has go­wy gel­je­gi gur­mak üçin bi­le­lik­de iş­le­me­li.
Hyz­mat­lar bo­ýun­ça hytaý hal­ka­ra söwda sergisi (CIF­TIS) 2-7-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Pe­kin­de ge­çi­ril­di. Şu ýyl dün­ýä­niň 153 ýur­dun­dan we se­bit­le­rin­den 10 müň­den gow­rak kär­ha­na ýar­mar­ka gat­naş­mak üçin ýüz tut­dy. Bu çä­re Hy­taý bi­len Ýew­ra­zi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­la­ryň söw­da­sy­ny ös­dür­mek­de, ser­gi­le­ri gu­ra­mak­da, alyş-ça­lyş we hyz­mat­daş­lyk üçin mö­hüm plat­for­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Serginiň bu ýyl­ky şy­ga­ry «San­ly gel­je­ge we hyz­mat­la­ra esas­lan­ýan ösü­şe ta­rap» diýlip at­lan­dy­ryl­ýar. Ser­gi, esa­san, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, ug­le­ro­dyň bi­ta­rap­ly­gy we epi­de­mi­ýa­nyň öňü­ni al­mak ýa­ly me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar. Bu ýyl san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar mow­zu­gy­na-da aý­ra­tyn üns be­ril­di. Hyz­mat­lar boýunça hytaý hal­ka­ra söwda sergisiniň on­laýn for­mat­la­ry dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­ri­ne hä­zir­ki çä­rä gat­naş­ma­ga kö­mek edip, bu hyz­mat­daş­ly­ga gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­ýar we mag­lu­mat alyş-ça­lyş çyg­ry­ny gi­ňeld­ýär.
Şeý­le hem hal­ka­ra söwda sergisinde luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry, işe­wür­lik hyz­mat­la­ry, in­že­ner­çi­lik mas­la­hat be­riş we gur­lu­şyk hyz­mat­la­ry ýa­ly tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça ser­gi­ler gu­ral­dy. Mun­dan baş­ga-da, ýar­mar­ka­nyň çä­gin­de hyz­mat­lardaky söw­da bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti, şeý­le hem 119 sany te­ma­ti­ki fo­rum we mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Hyz­mat­lar boýunça hytaý halkara söw­da sergisi ýur­duň bu ugur­da­ky iň uly ser­gi­si­dir. Bu sergi 2012-nji ýyl­dan bä­ri Pe­kin­de ge­çi­ri­lip, ma­li­ýe, ulag, lo­gis­ti­ka, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy, elekt­ron söw­da­, sag­ly­gy go­ra­ýyş, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, sy­ýa­hat­çy­lyk ýaly ugur­lar­da tej­ri­be alyş­mak üçin oňaý­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň
ös­me­gi­ne iter­gi be­rer
Wýet­na­myň Prem­ýer-mi­nist­ri Fam Min Çin san­ly­laş­dyr­ma pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň ös­dür­megiň we ga­za­ny­lan­la­ry dur­mu­şa ge­çir­megiň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne we di­kel­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Bu ba­ra­da hö­kü­met baş­ly­gy hal­ka­ra söwda sergisiniň çä­gin­de ge­çi­ri­len sam­mit­de wi­deoa­ra­gatna­şyk ar­ka­ly eden çy­ky­şyn­da aýt­dy. Fam Min Çin Wýet­na­myň köp ýurt­la­ryň, şol san­da, Hy­ta­ýyň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry­na we bu ugur­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
– Yl­myň we teh­ni­ki bi­lim­le­riň ös­dü­ril­me­gi ösüş ugur­la­ry­nyň dür­li yk­dy­sa­dy ul­gam­lar­da üýt­ge­me­gi­ne we bar bo­lan çeş­me­le­riň has ön­dü­ri­ji­lik­li ös­me­gi­ne iter­gi be­rip, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň, ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de do­la­ny­şy­gy­na ýar­dam ber­ýär – di­ýip, Premýer-ministr bel­le­di.