Adam dünýä inen gününden başlap, ömrüniň dowamynda hemişe täze zatlary öwrenýär. Olaryň ilkinjileri töweregindäkiler bilen gatnaşyk, ýaşaýyş endikleri, düşünmek, akyl ýetirmek we özbaşdak pikirlenmek başarnyklarydyr. Täze dünýä inen çaga ilkinji sosial gatnaşygyny öz enesi bilen ýola goýýar. Bu gatnaşyk ene çagasyny emdiren pursadyndan başlanýar. Bu pursatda ene çagasyna mähir berýär, onuň bilen «gepleşýär», şeýlelik bilen çaganyň ilkinji «tanşy» ýüze çykýar. Ene-atalaryň çaga dogulmazdan ozal fiziki aýratynlyklary barada ähli maglumatlary bilmegi örän möhümdir. Täze doglan bäbekleriň fiziki aýratynlyklary ilki ene-atany biynjalyk edip biler. Sebäbi bäbegiň beden agzalary assimetrik bolup biler. Wagtyň geçmegi we ene süýdi bilen ösüp kemala gelýän çaganyň ähli beden agzalary barha kämilleşýär, süňkleri berkeýär. Täze dünýä inen bäbekleriň ortaça agramy 2800-3500 gram aralygynda, uzynlygy 50 santimetr bolýar. Adamyň iň çalt ösýän wagty bäbek wagtydyr.
Çaganyň saglygy üçin
näme göz öňünde tutulmaly?
Çaganyň saglygy doglandan soň lukmanlar tarapyndan umumy saglygy, dem alşy, ýürek urşy, deriniň reňki, myşsanyň ýagdaýy we hereketleri yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Aýratyn üns berilmeli zat bolsa, çaganyň agyz boşlugyny, ukusyny, özüni alyp barşyny, hereketlerini göz astyndan düşürmeli däldir! Adatça, 3-4 sagat çagalar üçin kadaly uky tertibi bolup, dowamlylygy 6-7 sagat dowam etse, hereketleri azalsa we başga-da adaty bolmadyk ýagdaýlar ýüze çyksa lukmana ýüz tutmalydyr.
Täze doglan çaganyň
ösüş depgini nähili?
Täze doglan bäbek ilkinji aýlarda iň çalt ösüşi görkezýär we bu döwür aýratyn ünsi we aladany talap edýär. Bu döwürde çaganyň hereketleri, fiziki başarnyklary we myşsalary gaty çalt ösýär. Şol sebäpli, bu döwürde ene-atalar çaganyň ösüşini goldamak üçin lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän dogry usullary üpjün etmelidirler. Ilkinji aýlarda arkan ýatyrka kellesini çepe we saga öwrüp, ellerini we aýaklaryny herekete getirip biler. Ene-atasy bilen gatnaşykda bolýan çaga daşky gurşawa uýgunlaşmaga başlaýar. Ýeri gelende bellesek, daşky gurşaw hem täze dünýä inen çaga täsirini ýetirip bilýär. Onuň bedeniniň duş gelýän bakteriýalara we beýleki mikroorganizmlere garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagy zerurdyr. Munuň üçin hem, ilkinji nobatda, çaganyň ýokumlylygy ýokary bolan ene süýdi bilen iýmitlenmegi gerek. Çünki ene süýdünde IgA, IgD, IgE, IgG, IgM antikorlary bar. Birnäçe aýyň dowamynda ene süýdi arkaly kabul eden antikorlary çaganyň kemala gelmegine, süňkleriniň bekemegine we mikroorganizmleriň täsirinden goranmagyna ýardam edýär.