Kuba koronawirusa garşy sanjym almak ýaşyny ikä çenli düşürdi. Isleg bildirýänler iki ýaşyndan uly çagalaryna hem bu sanjymy etdirip bilýär. Dünýäniň köp ýurdy sanjym almak ýaşyny peseldýär. Häzirki wagtda köp ýurtda 15 ýaşdan, käbir ýurtlarda 12 ýaşda uly çagalar koronawirus sanjymyny alyp bilýärler. Kubada bolsa ýerli “Soberana 02” atly sanjymyň çagalara hem urulmagyna degişli ygtyýarnama berildi. Kubaly lukmanlar “Soberana 02” sanjymynyň ygtybarly we täsirlidigini belleýärler. Ýurduň saglygy goraýyş ministrligi häzire çenli 4 milliondan gowrak ilatyň doly sanjym edilendigini mälim etdi. Çagalar üçin sanjymyň ilkinji bolup Sýenfuegos şäherinde ýola goýlandygy bellenildi.
Ýurduň ýolbaşçylary serhetlerdäki çäklendirmeleri aýryp, halkara gatnawy ýola goýmagy maksat edinýändiklerini aýdyp, noýabr aýynyň ortalaryna çenli 11,2 million ilaty bolan ýurduň 90 göterimden gowragyna sanjym ediljekdigini belleýärler.