Äpet ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­r bo­lan pi­ra­mi­da­la­ra di­ňe Mü­sür­de däl, eý­sem, baş­ga ýer­ler­de hem ga­bat gel­mek bol­ýar. Mek­si­ka­da Ma­ýa me­de­ni­ýe­tin­den ga­lan ta­ry­hy Çi­çen-Isa şä­he­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan El-Kas­ti­lo pi­ra­mi­da­sy­nyň için­de hem bir­meň­zeş gur­lu­şyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Be­ýik­li­gi 30 met­re ba­ra­bar bo­lan pi­ra­mi­da­nyň için­de 20 metr­lik ýe­ne bir pi­ra­mi­da­nyň bar­dy­gy ozal mä­lim edi­lip­di. Em­ma ýa­kyn­da onuň hem için­de be­ýik­li­gi 10 metr­lik ýe­ne bir pi­ra­mi­da­nyň bar­dy­gy mälim boldy.
Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, iň ki­çi pi­ra­mi­da 550-800-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gur­lupdyr. Or­ta­ky pi­ra­mi­da­nyň 800-1000-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da bina edilendigi aý­dyl­ýar. Iň da­ş­ky di­wa­rynyň bol­sa, 1050-1300-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gur­lup gu­ta­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Bi­ler­men­ler bi­na­la­ryň üs­ti-üs­tü­ne gu­rul­ma­gy­nyň dür­li se­bäp­le­ri­niň bo­lup bil­jek­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar. Ta­ryh­çy­lar il­kin­ji gur­lan yma­ra­ta ze­per ýet­me­gi­niň ýa-da bu ýeriň baş­ga bir hö­küm­dar­ly­gyň go­las­ty­na geç­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, onuň tä­ze­si­niň gur­lan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni çaklaýar­lar.
Tä­ze mag­lu­mat­lar top­la­nar
Iň ki­çi pi­ra­mi­da­nyň ta­ry­hy anyk­la­ny­lan­da onuň gur­lu­şy­na hiç hi­li zy­ýan ýe­ti­ril­me­di. Des­ga­nyň içi­ne gir­mez­den, ýö­ri­te en­jam­lar ar­ka­ly onuň içi su­ra­ta alyn­dy. Tä­ze açyş Ma­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň Mek­si­ka­da­ky beý­le­ki me­de­ni­ýet­le­riň tä­si­ri­ne gir­mez­den ozal nä­hi­li bo­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat top­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
2015-nji ýyl­da bu ýer­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çi­ren ar­heo­log­lar Ku­kul­kan pi­ra­mi­da­sy­ny ma­ýa­laryň ke­ra­mat­ly ýeri ha­sap­lan­ýan kö­lüniň ha­na­syn­da guran­dyklyryny anyk­la­­dylar.