Britaniýanyň iň uly banklarynyň biri bolan “Barclays” smartfonlar arkaly pul almaga mümkinçilik berýän bankomaty işläp taýýarlaýar. Bankomat “ýakyn meýdan gatnaşygy” (NFC) aýratynlygy bilen mobil enjamlaryny ulanyjylara täze hyzmatyny hödürlär. Ondan diňe android amaly ulgamly enjamlar arkaly peýdalanyp bolar. Bu bankomatyň kart salynýan ýeri ýok. Muňa garamazdan, kartly müşderilere hem ulanmaga mümkinçilik dörediler. Ýagny karty bellenen ýere golaýlaşdyrmak arkaly ondan peýdalanyp bolýar. Şeýlelikde, bu usul bank bilen bagly işleriň aňsat we ygtybarly bolmagyna ýardam eder.
Müşderi bankomatdaky NFC okaýjysyna karty ýa-da telefony golaýlaşdyryp, “Barclays Android” aplikasiýasyndan gerekli pul mukdaryny hem-de pik belgisini ýazýar. Şeýle-de applikasiýa gerekli pul mukdaryny bankomata golaýlaşmazdan hem girmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, onuň ýanyna baranyňda, pin belgisini ýazmak arkaly puluňy alyp bolýar. Bu ýagdaý müşderilere wagtlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şereket indiki ýylda Angliýanyň demirgazygyndaky 180 şahamçasynda 600 enjamy synag maksady bilen hyzmata hödürlär. Ilkinji nobatda, bu enjamlar diňe “Barclays” bankynyň müşderilerine elýeterli bolar.
Şeýle hem müşderiler bu hyzmaty söwda edenlerinde hem ulanyp bilerler.
Smartfon applikasiýalaryndan peýdalanyp bankomatdan pul almak hyzmaty häzirki wagtda başga banklar tarapyndan hem hödürlenýär. Mysal üçin, Ispaniýanyň “CaixaBank” banky öz müşderilerine 2011-nji ýyldan bäri şeýle hyzmaty hödürleýär. Geçen ýyl “BMO Harris Bank” banky ABŞ-da ştrih kody arkaly işleýän kartsyz bankomatyny ýola goýupdy. Ýakynda “Bank of America” hem “Barclays”-yň täze ýola goýjak bankomatlaryna meňzeş enjamlary müşderileriniň hyzmatyna hödürläpdi. Emma bularyň ählisinde-de howpsuzlyk koduny bankomatyň özüne ýazmaly.