Hemişe jedelli gürrüňlere baý bolan futbol äleminde soňky günlerde ýene bir uly mesele gozgalýar. FIFA-nyň futbolyň iň uly ýaryşy bolan Dünýä Kubogyny 4 däl-de 2 ýyldan bir gezek guramak isleýändigi barada gürrüňler köpeldi. Bu barada FIFA-nyň futbol ösüş direktory Arsen Wenger ýaryşy 2 ýyldan bir geçirmek baradaky işleriň şowly dowam edýändigini belläp geçdi. Ol: Maksadymyz FIFA-nyň 211 agzasynyň tassyklamagy bilen demokratik çözgüt. Dekabr aýyna çenli bu taslamamyz barada gürrüňlerimiz dowam eder. Ondan soňam federasiýasy bilen bileleşip gutarnykly netijä geleris” diýip, çykyş etdi.
FIFA bu iri taslama agza federasiýalaryň 166-synyň ygtyýar bermegi netijesinde başlapdy.
Ýöne FIFA-nyň bu taslamasyna UEFA çürt-kesik garşy. Bu barada UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin The Times gazetine beren beýanatynda şeýle diýýär: “Gerek bolsa FIFA-ny boýkot ederis. Bu her tomusda uly bäsleşik diýmekdir we bu ýagdaý futbolçylar üçin juda agyr bolar. Günorta Amerika ýurtlary-da biziň bilen pikirdeş bolup, iki yklymyň wekilleri FIFA-nyň boýkot etmäge taýýar”. Ol: Her tomusda geçiriljek uly ýaryş futbolçylary heläk eder, üstesine-de zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogyny hem-de Olimpiýa oýunlary bilen gabatlaşýar. Bu ýagdaýam meseläni has çylşyrymlaşdyrar. Olimpiýa oýunlary ýaly, her 4 ýyldan bir gezek Dünýä Kubogyna garaşylýar. Bu bolsa olaryň gymmatyny degerini has-da ýokarlandyrýar diýip, gürrüň berdi.
FIFA täze kadalara laýyklykda, möwsümdäki milli duşuşyklaryň sanyny, saýlama oýunlaryndaky duşuşyklaryň sanyny azaltmagy maksat edinýär. FIFA 2 ýyldan bir gezek geçiriljek Dünýä Kubogy taslamasyny 2028-nji ýyldan soň ýola goýmakçy bolýar.
Meseläniň nähili netijelenjekdigini wagt görkezer.