“Amazon” -yň iş modelinde öz önümleri möhüm orny eýeleýär. Harytlary salgylaryna paýlamak bilen meşgullanýan kompaniýa mundan beýläk önümçilik pudagyna hem aralaşmagy maksat edinýär. Kompaniýa öz ady bilen telewizor öndürmekçi bolýar. “Amazon”-yň telewizor modellerine “Amazon Fire TV Omni Series” we “Amazon Fire TV 4 Series” diýlip atlandyrylar. Iki nusganyň hem dürli ululykdaky görnü’i bolup, olaryň ählisinde 4K goldawy bolar. Bu telewizorlary geljek aý “amazon.com”-dan satyn almak mümkin bolar. “Amazon Fire TV 4” seriýasyndaky modeller has amatly alternatiwa hökmünde tapawutlanýar. Bu kategoriýadaky telewizorlaryň bahasy 370 dollardan başlar we 520 dollara çenli baryp biler. Beýleki tarapdan, “Fire TV Omni Series” ýokary tehnologiýaly alternatiwalary öz içine alar. Bu seriýadaky modelleriň nyrhy 410 dollardan 1100 dollar aralygynda bolar. “Amazon TV Omni Series” telewizoryna ses dolandyryşy arkaly gözegçilik edip bolýar. Şeýlelikde, ony uzakdan dolandyrmak gerek bolmaz. Olarda telewizory islendik programmany açmaga çagyrmak, kanaly üýtgetmek, howany barlamak ýaly mümkinçilikler bolar. Geljek aý telewizorlaryň satuwa çykarylmagyna garaşylýar.