Ýaponiýada koronawirusa garşy sanjym alanlaryň sanynyň ilatyň 50 göteriminden geçendigi mälim edildi. Bu barada ýurduň ministrler kabinetiniň “Covid-19”-yň öňüni alyş çärelerinden jogapkär agzasy Nişimura Ýasutoşi habar berdi. Ýasutoşi  sanjym etmekde Ýewropa ýurtlarynyň yzyndan ýetmegi maksat edinýändiklerini belledi. Ýurtda şu aýyň ahyryna çenli ilatyň 60 göterimine ikinji doza sanjymyň ediljekdigi habar berildi. 126 million ilaty bolan Ýaponiýada “Covid-19”-a garşy sanjym çäreleri şu ýylyň fewral aýynda başlapdy.